Baýramaly şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumy 2002-nji ýylda işläp başlady. Dokma toplumy jemi 4 bölümden ybaratdyr:
Biz ýumşak we her dürli reňkli çalgyçlary dürli ölçeglerde öndürýäris. Mundan başgada hammam halatlary, aşhana esbaplary, sowgatlyk toplumlary we döwrebap önümleri öndürilýär.Önümlerimizi hil taýdan ýokarlandyrmak üçin, önümçiligiň ähli etaplarynda gözegçilik edilýär. Hemme önümlerimiz “Türkmenstandartlary” gulugy tarapyndan sertifikatlaşdyrylýar. Biz önümlerimizi ýurdumyza satuwa çykarmak bilen çäklenmän dünýäniň dürli ýurtlaryna eksport edýaris. Biziň dokma toplumymyz döwrebap, häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp dünýä ülňilerine gabat gelýän önümleri öndürýär.