​Türkmenistanda dokma önümleriň söwdasy üçin internet binýat döredilýär.

​Türkmenistanda dokma önümleriň söwdasy üçin internet binýat döredilýär.

​Türkmenistanda dokma önümleriň söwdasy üçin internet binýat döredilýär.

Türkmenistanda häzirki wagtda elektron binýady döretmek işleri dowam edip, onuň sahypalarynda dokma nyşanlary, marketing hyzmatlary barada degişli maglumatlary ýerleşdirmek, şol sanda çykarylýan dürli dokma önümlerini satyn almak üçin elektron görnüşdäki sargytlary resmileşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu taslamany Dokma senagaty ministrliginiň “Altyn asyr” harytşynaslyk merkeziniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikdäki tagallalary bilen amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Elektron söwda binýady ýörite programmalar bilen üpjün ediler. Geljekde bu söwda binýadynyň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy söwda ulgamlary hem-de ýurdumyzyň bu ugurda üstünlikli iş alyp barýan söwda ulgamlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Birinji tapgyrda sargyt edilen dokma önümleriniň ýurdumyz boýunça eltilmegini, geljekde bolsa daşary ýurtlara iberilmegini guramak meýilleşdirilýär.

Bu taslama geljekde bütindünýä söwda ulgamyna hem birikdiriler.

Habaryň ýerleşdirlen wagty 01-25-2021 Täzelikler 655

Arhiw

Kategoriýalar

Menu